Talaňystan
Ýat ülkeden ýurda dolanýar adam,
biraz erkin dem alansoň daşarda,
yzynda dogan bar, ýegenleri bar,
gitseň, gaýdyp gelme diýip pyşyrdan,
sowgat diýip ony-muny alypdyr,
bolmasa-da artyk gazanjy, puly,
aeroportda garşylaýar daýylar,
tapan ýaly bolup ýitirlen guly...
Allany çagyryp, ynanmasa-da,
sabyr-takat diläp talanýan wagty,
sowgat-salamyndan el ýuwup, ahyr
basýar bagra ýurda gowuşmak bagtyn,
içinde bir zatlar üzülen ýaly,
ýat ülkeden ýurda dolanýar adam,
gidip, gaýdyp gelmek bolan ykbaly.