Gapdal halky
Gapdal halky problema,
çözjek bolsaň, haýbat atar,
batyp barýar diýip gämi,
kürek ursaň, eliň tutar,
agzyň tutar, aýtjak bolsaň,
hamala ýok hiç bir hatar,
dymar gerek bolsa sözi,
gaçar barsaň, öýde ýokdur,
ýüzün sowar pete-petde,
soň arkaňdan gybat eder,
şyltak atar bolar-bolmaz,
gapdal halky problema,
çözjek bolsaň, oýun diýer,
dymsaň agyr, goýun diýer,
bir senden däl, özünden-de
daşda duran özün iýer.