Adam ogurlygy
Çörekli ýer gerek hemmä,
çöregini başgalaryň,
hatda çagaň agzyndaky,
diňe nan däl, azap Alla
diýip ýaşan adamlary,
adamlary dogry sözli,
ogurlaýan gaşyň çytman
ýüzi galyň bolmaly sen,
her etmeli, emma durman,
ýokarlaryk galmaly sen,
almaly sen, salmaly sen
jübi diýlen ýere özüň,
görmeli däl ili gözüň.
Bugdaý ekip, pagta ýygyp,
saçagyňy doldurmak kyn,
ýa mal bakyp, ýatyp çölde,
gowurdakly bolmaz pitiň,
döwlet äri köpelende,
çörekli ýer gerek diňe,
utanç ölse, ar-namysly
gün aýlasa ýere siňip...
Çörekli ýer gerek hemmä,
ýekäň çaňy çykmaz, bilýäň,
diýmek, Alla diýýän garyp
garyp galar tä ölýänçä,
begler ýaşar urup-ýaryp,
alar paýyn aralykdan,
sylap goýman iliň hakyn,
baýan sypar, garyp alar
hökümetiň namart okun...