Yglan edilmedik uruş
Ýurt bölündi ikä, üçe,
belki, dörde, bellisi ýok,
bir tarapda basyp alan,
garyndaşy, urugdaşy,
müşderisi, çar tarapdan,
ýurduň içi ýa-da daşy,
hiç parhy ýok, nepe çapýan
gepe çapýan san-sajaksyz,
döwlet ýykýar ýurdy, ili,
geroin ýa tirýek sili,
ýa tolkuny gara nebsiň
ýetim goýýar çagalary,
uly-kiçiň büküp bilin,
emma ýazma diýýär zalym,
dogan-gardaş, agalaryň,
saňa näme, dym diýýärler,
ýogsa bize erbet bolar,
bilýäň, örän köplük olar,
gülen bolýar akyllylar:
Hehe-hehe, akmak bary,
galmaz bolup ýykyldylar...