Gaçylmaly adam

Bile-göre içiňdäki
ejizlige baş egme,
ýesir bolma öz-özüňe,
gaharyňdan basylma,
tabyn bolma bahyllyga,
eliň berme gara nebse,
namartlyga, kimde ýok,
kine bilen ýaşama,
öýke bilen ýaşama,
arly ýaly dünýeden,
diýýän ýaly bir men ak,
kemsiz gözel, ýeke-täk,
özgeleriň kemi kän,
ýylgyr, käte kyn bolar,
erki ýetmän özüne,
uzak gülüp ýüzüňe,
soňra birden açylan,
ata-baba gaçylan,
dar adamyň sözüne..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024