Ganhor döwlet
All houses are dark until the mother wakes up... Khalil Gibran
Biziň ejemizi öldürdi döwlet,
gözi ýolda, garaşdyryp, ahy-zar,
belki, çyra ýakmagyny islemän,
irden turup, okar ýaly çagasy,
gul gerekdi han bolana bigüman,
boljakdy ol diri öliň agasy...
Biziň kakamyzy öldürdi döwlet,
kowdy gelip, mekdebinden işleýän,
sebäbi gerekdi sowatsyz, hatda
tahýasyny çykarmaýan gije-de,
ýurt garaldy, güneş parlap dursa-da,
gaçýar millet, ne bar diýip bijede,
şahyr, ýazyjysy odaçy kileň,
ogry-jümriň waspyn edýär ýadaman,
kimi görseň, halyn sorsaň, ynansa,
başga söz däl, diýýär: ýadadym ýaman!