Ýat adamyň aýdany
Ýatda sakla, unutma hiç,
gerek wagty gelmedigi,
düşen günüň bilmedigi,
ýa güleni içden, daşdan,
hol beýläňden görüp, synlap,
soňra gelen, bilen bolan
bolup biler bir däl, onlap,
emma ýylgyr özleri dek,
kiçi dilden Alla-da diý,
ýöne çyndan, ýüregiňden
ynanma hiç birisine,
ýa aglasa, başyň galdyr,
ne öli, ne dirisine.