Bile batylan batga

Biri biler azda-kände,
beýlekisi biler has kän,
bilmän galan bolmaz asla,
näme bolýar jemgyýetde,
köçesinden kimler geçýär,
kim baýaýar obasynda,
kim güýçlenýär şäherinde,
a kim, näçe garyp düşýär,
ýa kim satýar çigit, nasy,
ýa tirýegi, goragy bek,
ynanma hiç bimeýäni
oýnaýana, aam bolmasa,
ker bolmasa, bolmasa kör,
iller iliň başyndaky
adamlary tanar gowy,
alyp barýan öňe diýip,
batgalyga, başdan belli,
bir ýok etmez, bile eder,
il özüni belli-külli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024