Bully problemasy
Türkmen bully dilän ýaly,
Aý doganda ýüze sylyp,
gözün ýaşlap ýedi asyr,
berdi oňa Alla bully,
wah, owarram telpek, donly,
ak sakgally ýaşulular,
ak gyňaçly ejeler-de,
görjegini gören ozal,
boldy, boldy, täze doglan,
yzdan gelýän nesle boldy,
ne okuw, ne mekdep galdy,
ne-de iş bar, aýlyk, pully,
öň bir bully, soň bir bully,
bütin ili garyplyga,
dar biçilen tahýa saldy.