Özünde ýiten

Adam ýaşadykça kine çukury,
uzak ýoly geçip, öýüne gelen,
gaharyň çukury, gazap çukury,
arasynda sorag çukury bolar,
oturar, oýlanar, terezä salar,
nirede kim bilen görüşdi, durdy,
gürrüň etdi, gybat etdi kim hakda,
kime güldi, kime şyltajyk atdy,
kimiň hakyn iýdi, özün tanaman,
ýa ol adam, ýa bu adam kim hakda,
ýa-da özi hakda niçik pikirde,
nirede men güldüm gaty kikirdäp,
ýa nirede diýdim diýmesiz sözi,
adam bolmak derňemekmi özüňi,
ýa-da başgalary, özüň derňemän,
o kimmişin, bu kimmişin, masgara,
ýa gowumy göwnüň geçse özüňden,
adam bolman geçdim diýip dünýeden,
ýa-da bu bar bolup bilşi adamyň,
öz-özünde ýiten, özüne eden?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024