Hakykat hakykaty

Hakykaty gürrüň berseň, diýýärler
geregi ýok ýat tutmagyň hiç zady,
ýa agyrdyp gezmek kelläňi mydam,
bu, belki-de, şeýle bolan öň adam,
gadyr goýan wagty söze, adama,
emma indi başga döwür, hakykat
başa bela, saklamaly ýadyňda,
aýtdyň ony näme üçin, nirede,
ýa soraýan barmy, gerekmi saňa
öz-özüňi goýmak dara-direde?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024