Göýdük taktikasy

Näçe göýdük boldugyça adamyň,
gahary-da, kinesi-de täsin bor,
kelte bolar gürrüňleri, gybaty,
o birine, öňki ýetim, soňky şa,
garşy durup, ýok diýeniň hasap däl,
meniň üçin eýerle-de ak aty,
belki, heniz dogulmadyk, ýok aty,
aýagyma basgançak bol münemde,
soň düşemde, jylawyn tut diýer ol,
ýogsa atjak töhmetlerim has beter,
öňki-soňkyň çeni bolmaz, iýer ol,
ýüregiňi tutup, ýykylar ýaly,
küşgürerin arly halky, elinden
obasyn däl, şäherin däl, ýurduny,
gelejegin ogurladan, aldyran,
näçe göýdük boldugyça adamyň
öwrümi ýok, aýlawy ýok, gönümel,
ýüzün açyp, gaçyrjak bor badyňy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024