Ölmän ýörseň
Adalatsyz bolsa ülkäň,
adalatsyz bolsa hanlar,
adalatsyz bolsa iliň,
ýa bilmese näme kanun,
sen her säher turup gidip,
pikir edip gije-gündiz,
gül ömrüňi, näçe bolsa,
şonça arzan alýan işe,
güle-güle ýa ýylgyryp,
ýuwdup ähli öýke-kinäň,
höwes bilen, mejbury däl,
hyzmat edýän diýip ile,
basyp alnan ýa talanýan,
elin eltip bermelisiň,
a o biri, bütin ömri,
gygyrmaly gapdalyňdan,
aýlyk alýar diýip, Alla,
ölmän ýörseň, görmelisiň.