Taýyn bol
Ýekelige, ýalňyzlyga
taýyn bol sen elmydama,
taýýar bol sen güljeklere,
ýa ýylgyran boljaklara,
şübhe bolar, adam bolsa,
güman edip geljeklere,
ogurlansa bir zatlary,
bile-göre şyltak atjak,
eýdip-beýdip tankyt etjek,
ýüzüň aljak adamlara,
badyň aljak adamlara,
meger, ajy şarpyk dadan,
şarpyk saljak adamlara
taýýar bol sen elmydama,
düşünjegi kelte, ýalňyş,
gaçyrmaga golaýyňdan,
ýitirmäge kän tanşyňy,
dosty-ýaryň, pikiredşiň,
belki, iliň, batgalykda,
galjak şu ýer gowy diýip,
ýok, bu meniň pikirim däl,
başga biri aýdypdyr öň,
diýipdir ol çynyň bolsa,
ýaşajagyň adam ýaly,
taýýar bol sen terk etmäge,
bolanlary başgaň maly.