Ýurt daşyndaky tejribe

Sen kiçijik tire-taýpa gaýygyn,
millet gaýygyny ýakyp gelersiň,
otdan geçip, suwdan geçip, dowzahda,
adamlaryň darlygyndan gurulan,
açgözlükden galňan gara diwary,
döwet galam bilen ýykyp gelersiň,
emma öňde, pikir etmedik zadyň,
tire-taýpa gaýyklaryn gujaklap,
döwük küreklerin galgadyp arly,
her hilije basdaş durandyr, öňki
eýelän kürsüsin unudyp bilmän,
belki, ýatýan hyýalynda gujaklap,
gör, kimmikäm diýip, özün tanaman,
özge birin nirden biljekmiş çaklap,
bilinmeýän ýaly eden işleri,
okan kitaplary okalmadyk dek,
gören kinolary görülmedik dek,
hä berseň herreler, hemleli gürlär,
öz gözünden bakyp düşen günüňe,
sen, hamala, gul bolan dek wezipä,
ýa iýen dek diňe ýallaklap nanyň,
hiç gelmedik ýaly ýüzüne hanyň,
mesisini süýräp ýören henizem,
tesbisini sanap ýören henizem,
ýat illerde han boljak bor üstüňe,
öz öýünde sylagy ýok, sözi ýok,
iki şaýy puly bolsa ogurlan,
ýa tersine, tutan guşy ütülen,
iň soňunda töhmet atar ejizläp,
kine satar ýiti bolup kütelen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024