Hakyky haýynlyk
Bu, megerem, ýüzi, ýeňsesi ýurduň,
neşe bilen tutulanyň aýaly,
neşe bilen basylanyň aýaly,
başgalary ýüpsüz asýan döwletde,
waspyn edip ezijiniň aç-açan,
keýpi-sapa asylanyň aýaly,
belki, berýär bermelisin her ýerde,
goragynda KGB-niň, eli gan,
girip-çykyp islän wagty, pul mesi,
Aşgabatda ak maşynly aýnaýar,
pitjiň atýar bütin dünýä, ýaýnaýar,
dogry sözde tutulanlar, il diýip,
ýat illerde ýer sermeýär, yzyna,
watanyna gelip bilmän ýylda bir,
dözýär döwlet düzüw ogul-gyzyna.