Durmuş ýoly
Rumy aýdypdyr, eger ýöreseň,
ýoluň özi geler öňüňe seniň,
geler ýoda aýak astyna göni,
käte daşly, käte ýelde ýykylan
agaçlary özüň aýryp gitmeli,
atam pahyr, Annagurban taýakly,
aýdar eken giden getirer, ýöne
oturanlar sorar bahasyn diýip,
düşünjek ýok, biljek-de ýok ýollaryň
haýsy dogry, haýsy egri, ýitmeli,
ýöne ýatan bilmez ýoly, ýodany,
ýoly biljek ýerden turup ätmeli
bir ýa iki, ýa üç ädim, bu durmuş,
ýat ýa ýatma, saklamaýar, ötmeli.