Urlanyň dady
Habarlary görseň, aýlanýar başyň,
käbiri soraýar, bilip, belki-de,
hany, nirde diýip ýaradan, hudaý,
Alla nirde diýip aglaýar adam,
sebäbi garalýar asmany iliň,
bir, iki däl aljyraýan, ýitirýän
umydyny iki günlük jahanda,
hany, nirde halasgärler goraýan,
alyp çykjak perişdeler kyn günde,
gowy bolsa bolýar ýüregiň diýip,
ýykyl diýip diňe ýagşy niýete,
adamlary aldadymy adamlar,
okan bolup, bilen bolup köp zady,
habarlary görseň, bilseň kyn bolýar,
urup ýykýar seni urlanyň dady...