Hudaý uranda
Bilmeýän ýok, açyk aýdýanlar-da bar,
ynam seniň ýeter bir gün başyňa,
ynanma adama, dogana, dosta,
ýat, kesekä, samsyk diýip gülünýän,
uly, kiçi, adyň bolsa bilinýän,
yhlas etme il-günüňe, halkyňa,
ne syla tiräňi, taýpaňy bilip,
ne-de söý adamy, agyrdar olar,
bolma bolşuň ýaly, açyk, gönümel,
pikir edýän zadyň aýdyjy bolma,
görýänleriň görmedik bol, sebäbi
hakykatçy bolsaň, ýigrener ýurduň,
gorkar senden, aýby açyljak ýaly,
bilinmeýän ýaly, diýlip durmasa,
bilmeýän ýok, açyk diýýänler-de bar,
il ýykylmaz, ölmez hudaý urmasa.