"Watan" kyssasy

Biri bilmek üçin görýär "Watany",
yzda galan ne gün görýär iň uly
sowet hassasynyň elinde galyp,
biri gülmek üçin görýär "Watany",
dünýä gülki bolan tiräniň haly
gynandyrýar, ýöne barmaýar alyp,
aňyrdaky ýaly janyny, çünki
başga ýurtda, düýpden başga hakykat,
reallyk bilen dikleşýär, ýeňýär,
iň bolmanda wagtlaýynça, münüp at;
biri ölmek üçin görýär "Watany",
sebäbi ilinden, ýesir alynan,
aýry, azatlykda ýaşap bilmeýär,
adam ölýär, balyk ýaly kenarda,
hem yzynda ölen bilen ölmeýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024