Hehe-he bazary

Halka hemme ýerde güýmeýän gerek,
gülki gerek bolar-bolmaz, ýasama,
ýa gahryman, göwni çökenler üçin,
atarman, çaparman, batyrman gama,
urup-ýarýan şer şalygyn her ýerde,
ol bar ýurtda, ähli ýerde bir meňzeş,
düşünmedik bolar il diýen merde,
ýeke çykyp, başyn goýsa göreşde,
ýa düşünip, gaçar uzaga, daşa,
gazan bor ol, garasyndan gorkulan,
ýaman bor ol, ýarasyndan gorkulan,
ýa toslarlar toslamalar tomlugyn,
özün aklamasa bolarmy asy,
her kim aşak çeker özüne çenli,
halka hemme ýerde güýmenje gerek,
güýme ony duýman özüňi müýnli,
düşündirjek bolma düşünýän zadyn,
düşünmedik bolsa, geregi ýokdur,
ýa-da onuň ýagdaýy ýok bu işe,
halka hemme ýerde hehe-he gerek,
ýany bilen arzan arakly çüýşe.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024