Türme şasy

Türme eden tutuş ýurdy,
diwar gurup öz daşynda,
ýaşamaly bolar tussag,
günäsini bilýändir ol,
bilýändir ol eden işin,
köşk gurunar, gurar şäher,
ogurlamak üçin ýene,
gaçmak üçin öz-özünden,
gaçmak üçin il-gününden,
emma bolmaz rahaty,
gorky, güman artar diňe,
görjek bolsaň seret siňe,
ýadap ýatsa, gara basyp,
daňdan turar dönüp güňe,
bilip bilmez nire, haçan,
gözlär, kim ol urup gaçan,
soň galpyldap, ukalp bilmän,
ýesiri bor içden guçan,
gara dowluň, baş oýnaşy,
ünji alar için, daşyn,
ilin çapan şa, soltanlar,
güzap eder ýaşan ýaşyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024