KGB dowly

Ne öýi bar, ne öwzar,
ne okuw bar, ne işi,
ne gazanjy bar, agzyn
açsa döwülýär dişi.

Ne dogany sylaýar,
ne ýegeni sylaýar,
mertebe, ar galmadyk
adamlary köpeldip,
ýitirere zady ýok,
diňlemedik KGB
aýdylany, diýleni,
ýatyp bilmez indi kän,
ýagy bolup güýleni,
daňylan il otuz ýyl,
bilýär, geljek ýok daşdan,
orak alyp eline,
öz göbegin kesmeli,
dowul däl, diýip dogul,
diýip düşün, oýlan, bil,
tükenmejek bolsaň, il!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024