Alla rewolýusiýasy

Doýa garny doýmadyk hiç dogaly,
ýuwunmadan, ardynmadan şermende,
okuw, bilim daşda, yrakda dursun,
ýatyp turýan maly bilen çöl, düzde,
gyz çagasyn diri gömýän agladyp,
dillerine Alla berlen adamlar,
ellerine ýarag berlen adamlar,
gazap berlen ýüregine, birinden
çykarmaly, çapyp almaly malyn,
oglan-uşak, aýal-gyzyn, gyrylman
galanlaryn sürüp atyň öňünde,
şäherleri oda beren adamlar,
soňra, başgaň hasabyna baý bolup,
iýip-içip, münüp, guçup asyrlap,
ozal nämedigin bilip bilmedik
ýumşak ýorgan-düşeginiň içinde,
týýar bolýar ýene-de bir sowatsyz,
ýene-de bir doýa garny doýmadyk,
dillerine Alla berlen süriniň,
gelerine, alaryna kellesin,
emma aýtsaň muny, köşgi eýelän,
kürsä çykan adam diňlemez, bilmez,
ertir ýassyk bilen boglup biljegin,
öňem biri diýenmişin: Atamy
çalyşmanmy duza bilsem öljegin...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024