Başyň galdyr!

Adam, başyň galdyr, ýeter,
seret ýakyn töwerege,
synla uly adamlary,
gürleýäni, agzy durman,
dymýanlary, başyn sallap,
göterinip bilmeýäni,
el çarpýany, gülüm-ýalym,
diňe başyň galdyr, ýeter,
gör hem düşün, näme bolýar,
oka, eger okap bilseň,
harp tanasaň, bilýän pahyr,
ýanan pahyr ýazandyr öň,
soň ýazandyr, yzdan gelýän
bilsin diýip, görsün diýip,
ýolda ýatan gyçak daşy,
çukurlary, düýbi deşik,
busma adam, galdyr başyň,
ýeter-ýetmez iýjek aşyň,
garyp bolsaň, höwes etme,
geýsem diýip gymmat eşik,
münsem diýip gymmat maşyn,
depeletme iň esasy,
gymmat sagat dakynana,
ýene bir zat, saýrana däl,
düşünjek bol sakynana.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024