Türmebaşy
Türme eden tutuş ýurdy,
zyndan eden oba, kendi,
haýat gurup öz daşynda,
ýaşamaly bolar bendi,
tussag ýaly, hiç tutulman,
atyljak dek, hiç atylman,
satyljak dek, kän satylman.
Günäsini bilýändir ol,
bilýändir ol jenaýatyn,
kast edenin il-gününe,
oýnap ýören granatyn,
gaçyrjagyn bilýän däldir,
belki, gelip öz öüne...
Köşk gurunar, gurar şäher,
gaçmak üçin ilden diňe,
emma bolmaz rahaty,
görjek bolsaň seret siňe,
gorkudadyr gündiz, gije,
dowul alar için, daşyn,
horaz çykan bolan jüýe,
harap eder ýaşan ýaşyn.