Metjit karty
Metjit karty işlemedi döwletiň,
aýlyk tölän mollalary içinden,
daşyndan gargaýar, adam bolmasa,
köpeldikçe garyp-gasar, alaçsyz,
ezilenler, gazanany hiç haçan
iýjek çöregine ýetmedik boldan,
türmä düşen, kemsidilen, aýaly,
gyzy gyrnak bolan artdykça ilde,
gözün ýaşlap, Alla diýýän köpeldi,
öňki ýaly kiçi dilden bärde däl,
ynanyp, ýürekden, tamakin bolup,
metjit karty işlemedi Saparyň,
ýa tersine, başga ýandan işleýär,
umyt berýär, ynam berýär, güýç berýär,
hak iş üçin galkynjaga, turjaga,
Alla bardyr diýip ýatýan ýatanda,
Alla bardyr diýip turýan turanda,
mekdepleri ýykan, okuw jaýlaryn
dünýä gülki eden döwlet utuldy,
sanap ýatýar, belki, galan aýlaryn,
metjit karty işlemedi, işledi,
garşysyna, meger, galat baýlaryň...