Wagt, sagat soragy

Eger seniň wagtyň, sagadyň gelse,
hiç zat seni saklap bilmez diýýärler,
dagy ýaryp, daşy böwsüp çykarsyň,
açylarsyň güller ýaly, owadan,
diýmek, bize berlen sagady, wagty
ýa birleri ogurlapdyr, zyňypdyr
daş bir ýere, deňizleriň düýbüne,
ýa-da biziň ýolumyzda duranlar,
iki sözüň başyn çatyp bilmeýän,
KGB-si bilen urýan kowalap,
saňsar edýän bir, iki däl, milýonlap,
gözüň daňýan çörek nobaty bilen,
çäre bilen çolaşdyrýan çoçgara,
örän güýçli, gaty akylly, Alla,
saňa sygnyp, millet dargady ýolda,
hany, onuň wagty, sagady nirde,
kimde galdy, seret ahyr bir gezek,
ýa sen diňe güneşde däl, gije-de
gara aýnek dakyp ýatýarmyň göze?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024