Köne ýatlama
Awariýa diýýär döwlet adamy,
Muhammet Nazarow, adyn gizlemän,
iş jaýynda, daşarda däl, arkaýyn,
arkasynda suraty bar serdaryň,
gözi ganly stalinçi, köçede
bolup bilýär diýýär her hili ýagdaý,
gaçýarsyň baş alyp, dag, deňiz aşyp,
gelmezler-dä diýip maşynly yzdan,
ölýär yzda aýal dogan, köçede
awariýa boldy diýýär adamlar,
soň ikinji awariýa, üçünji
hadysadan habaryň ýok, gizlenýär,
saňsar bolýar beýleki bir doganyň,
ýüregiňde sanjy, gözüňde ünji,
soň Muhammet Nazar barsagelmeze
iberilýär, döwletbaşy däliräp,
soň Otuzow, beýlekiler, dördünji,
bäşinji duýduryş gelýär yzyňdan,
soňra serdar agaç ata atlanyp,
çapyp gidýär Gypjakdaky aýlawa,
ady aýdym, durmaýar soň ýatlanyp.