Göz meselesi

Biri-birisinden göçürip ýazýan,
ýa göçürmän ýazýan, ýöne uzak däl,
şeýle bir kän, okap-okap soňuna
çykmajagyň belli ýeke ömürde,
ýöne bir gün uzak gidip, azaşyp,
dolanýarsyň ýüregiňe, özüňe,
düşünýärsiň ozal görüp bilmedik,
golaý-goltumyna baryp bilmedik,
beýik diýen dagyň beýik däl beýle,
geregi ýok azap edip, ýol aşyp,
gitjek bolmak çöle, deňizde seýle,
iller gidýär diýip, çapylyp, urlup,
suratyny görmek ýeter, belki-de,
hemme ýeri, dag-deresi çalymdaş,
adamlary meňzeş biri-birine,
birazajyk tapawudy bar ýöne,
ýadaw baksaň, bary görüner ýadaw,
täze gözde täze, könede – köne.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024