Aýyplama

Ýalançy seň dostuň däldir diýerler,
duşmanyňam däldir, gelip ýüzüne,
agzyňa gelenin diýip durmasaň,
edep sakla, sypaýy bol başarsaň,
ynanma-da içgin-içgin gürleşse,
gürleşmese, gynanma-da artykmaç,
dik oturyp, pikir edip gijeler,
ertir gelip, gujaklar ol, belki-de,
gelin ýaly, ak düşekde näz eden,
bu ýalançyň kadasydyr, üýtgemez,
gurup bolmaz ony gelip täzeden,
gideniňde baky goýup gitmeli,
berlen ömri ýaşajak bol düşünip,
gijesi bar, gündizi bar, azaby,
ýa gazaby ýetik bolar elmydam,
aýyplama artyk ili, özüňi,
meger şeýdip gelip, geçmeli adam.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024