Tire howpy
Yzagalak bolsa tire,
seresap bol, çekil yza,
ogly ata ýaly bolsa,
gowulyk ýok gelne, gyza.
Gorkak bolsa, öz-özüne
ynanmasa, gara basyp,
gündiz ýatman, gije ýatman,
ýaşar gökden özün asyp...
Şaýady kän, islän wagty
töhmet atar, şyltak atar,
türmä basar, eli ýetse,
dili ýetse, arzan satar.
Müňkür bolup hemmelere,
hiç imany bolmaz onuň,
seresap bol, galak ilden,
bilip bolmaz öňün, soňun.