Günäkäriň käri
Asy borsuň mydam žurnalist bolsaň,
sorag berseň ýaramaýan, amatsyz,
öwdürmeseň özün açyk öwjege,
ýa-da ýapyk, gytaklaýyn, garalap
başgalary bir taraply, matlaply,
uruşmajak adamlary aralap,
yňdarmany bir-birine küşgürip,
oýun etjek bolsa, dur diýseň erbet,
ýa işleseň baş galdyrman hiç zada,
iller ýaly, ne çiş köýsün, ne kebap,
ýa-da köýse, öňden, gadymdan kada,
kanun bolan bikanunlyk ýörese,
haýyn borsuň mydam žurnalist bolsaň,
münber berip, goýbermeseň jylawyn,
ýa nogtasyn, başa orap, git diýip,
iň gowusy, hiç bir işde işleme,
item geçse, adyn tutma it diýip...