Tire milleti
Ozal diňe balyk başyndan porsar,
kellesinden çüýrär diýerdi iller,
ýüzüne ýylgyryp eziji hanyň,
hyýalynda gowrup, iýerdi iller,
arkasyndan gargap, gybatyn edip,
özün aklap, özün söýerdi iller.
Eger özi diýseň günäkär, pylan,
ýa-da diýseň iki uçly bor taýak,
dälirärdi, gaçmalydy baş alyp,
gutar diýip, saňa sygynýan, aýak.
Indi akyl gelýär, diýýär guýrukdan
arassalap başlamaly balygy,
boýun alýar, belki, ýykanyn özün,
özün öwüp, galplyk edip özüne,
berim berip, peşgeş alyp başarsa,
dogumlymyş, iş bitirýän, köp bilen,
akyldanmyş ýaran bolmak çep bilen,
ogry bilen, kezzap bilen garyşyp,
ikiýüzli, açgöz alsa bar ýeri,
mal ýygmakda, azgynlykda ýaryşyp....
Ili dinler başarmady düzedip,
Taňry, Alla ejiz geldi elmydam,
agzyn baglap aýdyp biljek ärleriň,
tomaşaçy bolan köplük taýypdy,
buzsuz ýerde, günäkärläp başgany,
dymmak kada, agzyň açmak aýypdy...