Okap azanlar we okamadyk çagalar

Bu bir jedel, öňden gelýän, hiç adam
getirmesin bu jahana çagany,
okatmajak bolsa adam deňinde,
sebäbi ol aýagasty bor mydam,
galyp bilmez okadylan, bilimsiz,
ýa müň ýolly adamlaryň astyndan,
bu bir jedel, ýöne käte enesi,
ýa atasy okatmasyn çagany,
okajaklar tapýar onuň ýoluny,
tapýar biljek bilmelini, nireden
nämeleri öwrenmeli, almaly,
ýa kim bilen ýolda ýoldaş bolmaly,
ýa kimlerden gaçyp, yzda galmaly,
ýöne bu kyn, okamadyk çagany
aldaýan kän, aýtamaýan kän çynyny,
ýok etmek kyn okap, azan agany.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024