Ýokluk

Öz-özüni gömýän tiräň öňünde,
öldürip däl, dirilikde, janlyka,
pamyk bilen çalyp damagyn, belki,
ýa-da ýüzün alyp, dalap it ýaly,
töhmet atyp, şyltak atyp başarsa,
biri-birin itjek bolýan çukura,
adam tapsa, arasyna gep atýan,
toýa gelse, ýasa barsa, çöp atýan,
guşy uçýan başga tutuşsa ýaka,
arkasyndan gürrüň edýän turanyň
saçagyň başyndan, gaýdyp gelýänçä,
plastinka agyp-dönse müň gezek,
ýaş başyňdan görseň, synlasaň oýny,
dinli bolsun, bolan bolsun imanly,
aragyny goýsun, goýsun tirýegin,
goşgy ýazsyn ynsap hakda müň sany,
özüňi bil, düzetjek bol kemiňi,
utanma hiç ýalňyşyňdan, günäňden,
ikiýüzli taýpaň öňünde özüň
aklama hiç, goý, görsünler hezilin
dilleriniň, başga etjek işi ýok,
barjak ýeri ýok olaryň barlykda,
menzili ýok, mekany ýok, özi ýok,
diňle käte sözlerini, gulak ger,
düşünersiň - özi ýoguň sözi ýok.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024