KGB oýny

KGB-niň oýny kändir, ýakynyň,
ýedi ýady aýlandyryp goýberer,
iberer ol her hilisin üstüňe,
ugur-ýolun tapmaz ýaly edilen,
kellesine urlan ýaly, akyly
ýerinde däl, belki, gelip-gitmeli,
näme diýseň, düşünmejek, bilmejek,
haýsy döwür, guşy nädip ütmeli,
tutulmadyk, bag başynda oturan;
öz gözünden bakýan dünýä, darajyk,
adamlary tapyp, iberer daýyň,
atlar ýaly, gözi bagly gapdaldan,
diňe biljek gamçy bilen aýdylan,
gulagyna guýlan sözi depilip,
bir talaby, şol talaby, gadymy
ýaşa diýer aga bolan epilip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024