Tejengrad KGB-si

Tejengrad KGB-si zor boldy,
egbar düşdi çörekli il, agzybir,
agzyn açan itden beter hor boldy,
öňki, soňky satylanyň wagzy bir.

Dogan-gardaş nädip öldi, bilinmez,
'awariýa' diýip, dymar adamlar,
urulanlar ölmez, gülmez, gülünmez,
göz, dil boldy diýip, dymar adamlar.

Ýum, ýum diýýär tejenliler,
dym, dym diýýär tejenliler,
Eziz hany öldürdiler,
senem aýap goýmaz bular...

Ozal adam, erkek çykýan toprakdy,
KGB zor, erkekleri ýok etdi,
göreşýär ol indi aýallar bilen,
dullar bilen, ýetimleri aglatdy.

Ýeri ýurduň diregidi açlykda,
diýerdiler kesewi-de gögerýär,
indi iş ýok, ýigitlerin Putine,
KGB han gulçulyga iberýär.

Ýum, ýum diýýär tejenliler,
dym, dym diýýär tejenliler,
Eziz hany öldürdiler,
senem aýap goýmaz bular...

Iş açany talar, goramak ýerne,
uly ogryň arkadagy obada,
buýsan, döşüň doldy orden, medaldan,
edenli il ýylba-ýyldan dagady.

Bozar, ýykar abat öýi, ojagy,
Tejengrad KGB-si zor örän,
ýa sen şugul, ýa-da gedaý bolmaly,
biler ýaly eder dogulan, dörän.

Ýum, ýum diýýär tejenliler,
dym, dym diýýär tejenliler,
Eziz hany öldürdiler,
senem aýap goýmaz bular...

Dogan bolar duşman dogana garşy,
aýdyp bilmez näme boldy, sorasaň,
iki oduň arasynda galanlar,
aglar sessiz, Allaň özi gorasyn.

Okan, dokan gorkar, KGB gelip,
işden kowar, deper öýdüp ýüzüne,
öň, ozallar dogry sözli jemagat,
aýna baksa, garap bilmez gözüne.

Ýum, ýum diýýär tejenliler,
dym, dym diýýär tejenliler,
Eziz hany öldürdiler,
senem aýap goýmaz bular...

Tejen KGB-si, buýsan adyňa,
bütin ýurduň ýüzi bolduň, dymyşlyk -
seniň işiň netijesi, bary däl,
yzy bolýar bir gün uzasa açlyk.

Kanunlaşan ogry-jümriň arkasy,
arkadagy ýurt ýykýanyň aç-açan,
ýöne ol gün geler hökman, gelmeli,
dolanmaly yza ýurdundan gaçan.

Ýum, ýum diýýär tejenliler,
dym, dym diýýär tejenliler,
Eziz hany öldürdiler,
senem aýap goýmaz bular...

Tejengrad KGB-si işleýär,
tirýek atýar birleriniň öýüne,
beýlekini derman bilen saklaýar,
eýlekiniň böwet bolýar toýuna...

Bilýär oba, görýär şäher, käbiri,
diýýär: Bir gün soňy geler, Stalin
mawzoleýden ýene zyňylar hökman,
aýdar tejenliler däliniň dälin.

Ýum, ýum diýýär tejenliler,
dym, dym diýýär tejenliler,
Eziz hany öldürdiler,
senem aýap goýmaz bular...

Praga, Kutna Hora, 7-nji aprel, 2024.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024