Agyr goşgular

Maňa gerek bu goşgular,
sebäbi meň ýüküm agyr,
ejir çekýän gije-gündiz;
saňa gerek bu goşgular,
sebäbi seň ýüküň agyr,
ejir çekýäň, belki, gije,
bu goşgular gerek oňa,
sebäbi oň ýüki agyr,
azap çekýär, belki, gündiz,
soň ýarym aç ýatýar agşam,
gaýgy edip çagalaryn,
emma dymýar, gorkýar çünki,
ýa-da hudaý dil bermändir,
diş beripdir, gala ýaly,
düýş beripdir başgasyna,
Alla bardyr, nesibedir,
diýip özün aldaýanlar,
bu goşgular gerek size,
meniň sizden tapawudym
belki, görýän, olar derman,
melhem bolar ýaraňyza,
ýaramyza, bilelikde,
sebäbi biz hassa agyr,
kommunizm etdi ýagyr,
altyn asyr etdi ýagyr,
agyr, agyr, hemmä agyr!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024