Terror tory
Terror seni, başda alyp bilmese,
uzak aralykdan çenenip uzak,
ýüregiňe saljak bolar ýarany,
zäher berer dogan-gardaş eline,
gybat berer bahyllaryň diline,
ilki işsiz goýup, çäresiz halda,
garyp ili jenaýata iteklär,
türmä basar, soň garaşar, sen näme
diýýäň ýa-da edip bilýäň, anyklar,
soň goýberer tussaglary alalap,
maşgalasy bilen gowşurar, gowy
iş eden bor, rehimi inen dek,
işsiz, pulsuz halky basgylap günde,
käbirini ýolun açyp daşaryk,
'akyl' berip, 'nakyl' berip ugradar,
jaň etdirer saňa, taşlar toruny,
terror seni ýeke goýmaz hiç haçan,
paýlaşjak bor sakar dowzah goruny.