Ile salnan ýara
Ýatda sakla, ulag kerweniň bilen,
başgalaryň ýolun baglap, äsgermän,
iller näme diýer diýmän, ýok ýaly,
agaç ýaly ýolda duran adamlar,
ýa daş ýaly çagajyklar, jany ýok,
gatnan ýoluň bir gün görüner soňy,
başga biri geçer seniň ýeriňe,
belki, biraz başgaça bor ýaşaýyş,
ýa-da bolmaz, ýöne başga zat belli,
deňeşdirer seni, ony jemagat,
olar bilýär, görýär ähli syryňy,
sen kim bolduň, ýa kim boldy seň kakaň,
ýa-da ataň, üç arkaňy tanaýar,
sen näme ýaz, näme ýazdyr, parh etmez,
ile salnan ýara bitmän, ganaýar.