Seniň islegiň

Ozaly bil, isleýärsiň nämäni,
boýnuňa al, ýesiri sen nämäniň,
ýa il bilen ýesir düşüp, göreşmän,
ýa göreşip, isleýärmiň azatlyk,
ýa galjakmy ikýüzli, ýylgyryp,
gülen bolup iliň düşen gününe,
öz günüňe, şeýle boldy-da diýip,
ýa o birin, bu birlerin gižželäp,
ony oňa, muny muňa küşgürip,
agent ýasap öz ýanyňdan, hamala,
"Şehit" dronlaryn ýasap Eýranyň,
din oýnuny oýnaýarmyň, imanly,
halal bolup, halal bolman aslynda,
kän okaýan namazyny sypdyrman,
ýöne niýet üýtgemeýär asgynda,
ejiz adam ar odunda örtenýär,
mal odunda, pul odunda örtenýär,
gerek oňa uly, derejeli at,
çynmy-ýalan, gerek soňsuz şan-şöhrat...

Ozaly bil, isleýärsiň nämäni,
boýnuňa al, aşygy sen nämäniň,
ýa almasaň, bilinmezmi sözüňden,
görünmezmi päl-niýetiň gözüňden,
ýa-da bir gün, ölen günüň yzyňda,
özüň ýaly ikýüzli, matlaply,
dil tansyny edip, tutarmy ýasyň,
ýaşa ýaşyň kine etmän, öç alman,
bellisi ýok ertir kim bolar asy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024