Peşgeş berlen durmuş
Saňa sowgat berlen däldir durmuşyň,
direg dälsiň, sütün dälsiň, gurluşyn
üýtgetmersiň onuň bolsaň-da heläk,
ýöne seniň eden işiň azda-kän,
ýa hiç haçan başarmajak işleriň,
emma synanyşan, ýaýdanyp durman,
gelen ýeriň, gören zadyň, hiç biri
tötänlik däl, belki, ullakan dünýäň
kinniwanja bir nokady, bolmaly,
sen oňa seretme uly göwünden,
ýa-da kiçi, hiç zat saýma özüňi,
işle günde öz üstüňde, niýetiň
düzetjek bol, kämil dälsiň doga, täk,
saňa peşgeş berlen däldir ýaşaýyş,
gadyryn bil, zyňma ýok ýerde entäp.