Ýurtlar aňsat üýtgemeýär
Ülke aňsat üýtgemeýär, jemagat
dogrulugy goldamasa, almasa,
duşmançylyk bilse aýdylan sözi,
gowy niýet bilen, ýykmak üçin däl,
men-menligi, bahyllygy at edip,
düýe edip münen millet baýnamaz,
oýnajak bor öz oýnuny, düşünmän,
ýalan bilen, berim bilen, al bilen,
kine bilen, gahar bilen, ar bilen
ýol aljak bor, özün aklar, başgalar,
o birleri günäkärdir elmydam,
ýurtlar aňsat üýtgemeýär, adamlar
ogurlyga golun berse, elleşip,
dilleşip göreşse okuwa garşy,
itse ony para-peşgeş gorpuna,
aýtsaň, diýseň, aýyplar ol özüňi,
senden dynsa, boljak ýaly hezillik,
dymdyrjak bor, ýumdurjak bor gözüňi.