Eje, indi düşünýärin

Eje, men bilýärin indi,
seni nädip öldürdiler,
ýa-da biraz düşünýärin,
bu il maňa sapak berdi,
sapak berýär günde, Alla,
ömür berse, sapak berjek,
professor milletim bar,
alym olar, iň nadany,
iki sözde bir kitaplyk
düşünjäni berip bilýär,
ilki seni, bigünäkäň,
günäkäriň başy edýär,
borçly edýär borçly dälkäň,
sebäbi sen babadaşy,
ýagy bolýar ýagyň ýokka,
rahatsyz edýär seni,
müýnli edýär, öz-özüňi
iýmeli sen baý ülkäniň
garyp ogly gelse ejiz,
bar bileni nesibe, hak,
emma özi jogapkär däl,
sen jogapkär, sen bergili,
eje, indi düşünýärin,
ýok, bu il däl, biz görgüli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025