Alla berlen sorag
Sen özüňi goramaly bolarsyň,
çekilmeli borsuň seni däl, özün
sylamadyk, sylamajak taýpadan,
ýok, ili däl, tana ilki özüňi,
özüň syla, özgäni däl, kim bolsun,
bile-göre ýüregiňi, edeniň,
şemal bolup öwsenlere seretme,
ahyrynda bilen bilen galsaň bor,
iki-ýeke, ezileniň kalbynda,
dogasynda ir säherler, gijagşam,
habar gelýär, adyň tutýan bar şindi,
zyýany ýok ýat illere gideniň,
ejizläniň, käte dyza çökeniň,
adamyň däl, Ýaradanyň öňünde,
şumy diýip, Alla, meniň ekenim?