Dogan-garyndaş hilesi

Saňa dogan-garyndaşyň sowgady,
daşda dursa kyn günüňde, owarram,
işiň etjek bolsaň başyň basyryp,
golaýyna gelmän uzakda, ýalňyz,
ibererler iň bolgusyz birini,
eline bir kitap alman ulalan,
üstesine bolan bolýan hudaýhon,
diňe dileg edip ýaşajak, güljek,
belki-de özleri ýorulyp, ýadap,
ýa-da diýip bärik bolmasyn geljek,
ýa-da diýip azdyr görýän azaby,
ýa agyrsyn diýip ýüregi beter,
ölsün diýip, belki, ejesi ýaly,
sorarsyň sen ýat, keseki duşmanmy,
ýa hatarly käte doganyň aly?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024