Güman asyry
Çagalar aç, çörek boldy mesele,
garyp ene dileg edýär her säher,
emma ärler, döwlet äri diýilýän,
ertir ýere ýegsan boljak ak şäher,
ýalan bilen özün aldap, aldadyp,
daş, kesege pul sowurýar, elmydam
edişi dek nadanlaryň, han bolan,
halyf bolan, ýetdirýänçä yzyndan,
belki, munda günäsi ýok Allanyň,
ol bir oýnuň, talaňçynyň guraly,
ýalançylyk bolan wagty din, iman,
ýürek, bagyr, beýni harap, baş harap,
näçe kow, kowala, sowulmaz güman.