Prokuror hakykaty
Prokuror, kazy-kelan, beýleki,
wezipesin nädip alany belli,
saklaýany belli nädip, utanman,
erkek, aýal, tapawudy ýok, belki,
dili uzyn özi düşýänçä türmä,
ýa-da kowulýança 'gidiber' diýlip,
ýogsa bilýär, bu bolmadyk, bolmajak
hadysa däl, ölýär käsi aglaba
köplük ýaly, kemsitmede, ejirde,
emma kürsi, häzirlikçe saklaýan
tötänlikler bedew bolup saýlama,
sürýär olar arabaly atlaryn
çagalaryň, naçarlaryň üstünden,
goşgyň yzyn ýazyp bilmän goýýaryn,
boýun alýan, söz tapamok, asgyn men.