Tomaşaçy derdi
Tomaşaçy bilen, biletsiz gelen,
hem teatr saýýan dünýäni, oýnun
diňe görüp, eliň çarpyp gitmeli,
deň bolmak kyn, belki, wagtyň-da bolmaz,
pikirin etmäge olaryň ýyllap,
gahar etmek nämä derkar arkaňdan
gürrüň edip gülenlere entäňde,
ýat illerde sermeneňde ýykylyp,
ýatyp bilmän dik oturyp gijeler,
ýöne olar bilip, bilmän, üznüksiz
seni borçly etjek bolar öňünde,
sen däl, olar ejir çekýär, hamala,
diýmek, seniň işiň köpelýär günde,
ýüregiň hem eliň açyk bolmaly,
bilip durkaň bu bir biderek azap,
ýüz ýagşylyk edip, 101-de dursaň,
böwsüp çykar içde basylan gazap,
gara gahar, ýigrenç sözi häzirdir,
gelip çykýan ýeri bahyllyk, belki,
arasynda gynançlaryn görersiň,
duranyňa aýak üstünde şindem,
diýersiň içinden: Ýaradan, geçir,
men näme üçin gynanmaly olara,
utanmaly açanyma arany,
kesenime gatnaşygy, salamy,
mümkin bolsa duranyma uzakda,
neden aýdyp, gelip gelmesiz ýüze,
soňundan kän ýigrenmeli özümi,
ýa düşünjek barmy aýdylan söze?